DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bu uly şäher Aziýanyň iň owadan şäheri diýlip atlandyryldy

Asuda baglary we baý medeni mirasy bilen tanalýan meşhur Ýaponiýanyň Kýoto şäheri köp bäsdeşlerini yzda galdyryp, Aziýanyň iň owadan şäheri diýlip yglan edildi.

Ses bermeklik Ranker tarapyndan geçirildi. Dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe saýlawçy şäheriň hemeşlik özüne çekijiligi üçin ses berdi.

Kýoto däp-dessury we häzirki zaman estetikasynyň özboluşly uýgunlygy sebäpli Singapur, Bangkok we Seul ýaly beýleki meşhur şäherlerden öňe geçip, söýgüli şähere öwrüldi. 

Ýaponiýanyň öňki imperiýasynyň paýtagty bolan Kýoto köplenç gadymy ýapon medeniýetini saklap galandygy üçin gadyrlanýar.

Kýotonyň özüne çekijiligi diňe taryhy ýerleri bilen çäklenmeýär. Şäher, şeýle hem häzirki zaman ýapon medeniýetiniň merkezi bolup, Gion we Pontoço ýaly gyzgyn etraplarda restoranlaryň, çaýhanalaryň we dükanlaryň janly görnüşlerinj hödürleýär.

 Kýotonyň aşpezlik ugry, esasanam onuň kaiseki (gadymy köp dürli nahar) nahary halkara derejesinde meşhurlyk gazanyp, şäheriň özüne çekijiligini artdyrdy.