BIZE YAZYARLAR

Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň kämilleşdirilip, şu günlerimize gelip ýetmeginde bagşy-sazandalarymyzyň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Aýdym-saz barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle belleýär: «Aýdym-saz sungaty — täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi. Bu gün türkmen toýlarynyň sahnasynda halk aýdymlary, häzirkizaman türkmen kompozitorlarynyň ata Watanymyzy, türkmen halkyny, onuň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, tebigatymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän kämil, şowhunly eserler aýratyn joşgunlylyk we özüne çekijilik bilen ýerine ýetirilýär.
Türkmen halk aýdym-sazlarynyň saglygy dikeldiji täsiriniň bardygy hem hemmämize mälimdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa …» atly ajaýyp eserinde: «Saz gurallaryny çalmak arkaly näsaglary bejermek tejribesi türkmenlerde-de giňişleýin ýaýrapdyr. Tebipler bejergini tüýdük ýa-da dutar çalýan sazandany ýörite çagyryp, şonuň sazandarlyk etmeginde geçiripdirler. Köplenç ýagdaýlarda «bejeriş çäresini» sazandalaryň özi geçiripdir. Özi-de olar türkmen sazandalarynyň aýdym-saz gorunda şu wagtam bar bolan «Porhan heňini» ýa-da «Porhannamany» çalypdyrlar» diýlip, saz sungatynyň keseli bejermekde-de giňden ulanylýandygy hakynda bellenilýär. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň kitapda: «Baryp, biziň eýýamymyzdan öňki I asyrda Parfiýa döwletinde ruhy gaýgy-hasratlary hem gam-gussalary saz arkaly bejeripdirler. Bu maksat üçin ýörite sazly-lukmançylyk merkezi döredilipdir. IX asyrda arap lukmanlary, nähoşlugy bejermegiň bir serişdesi hökmünde, sazy lukmançylyk tejribesine girizipdirler. Olaryň pikiriçe, saz adam ruhunyň içi bilen geçip, näsag bedeni bejermäge ukyply bolupdyr. Lukmançylyk ylmynyň esa-syny goýujylaryň biri bolan Ibn Sina (980 — 1037) saz sungaty barada hem düýpli iş ýazypdyr» diýip ýazmagy-da saz sungatynyň aslynyň çuňluklara uzaýandygyndan habar berýär.
Aslyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halk aýdym-sazlary ýaşaýşa höwesi artdyrýar, olar — durmuşyň gözelligini duýmagy başardýan güýç. Halk sazlaryny pederlerimiz deňiz tolkunlarynyň, çeşme-çaýlaryň, şaglawuklaryň, daglarda ýaňlanýan owazlaryň, saýraýan guş-gumrularyň, bilbilleriň, çarlaklaryň owazyna meňzedip döredendirler. Şeýle bolansoň, halkymyzyň döreden aýdym-sazlaryny diňläniňde, birsellem oý-pikirden, gaýgy-aladadan saplanan süňňüň, kalbyň rahatlanýar. Ine, şol pursatda bolsa öz Watanyňa, tebigatyň gözelligine bolan söýgiň, buýsanjyň artýar.
Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda, irki döwürlerde türkmen saz sungatynda ýollaryň, namalaryň, mukamlaryň bolandygyny bilmek bolýar. Bu hakynda Gahryman Arkadagymyzyň  «Ile döwlet geler bolsa …» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Irki döwürlerde türkmen saz sungatynda nowaýy, ylgar, talkyn ýaly aýdym-saz ýollarynyň, şeýle-de 62 namanyň we 32 mukamyň bolandygyny ýazýarlar. Türkmenlerde 3 — 4 sagada çekýän aýdym-saz toplumlarynyň bolandygy baradaky maglumatlary öz halypalaryndan eşidendigini Mylly Täçmyradow şägirtlerine gürrüň beripdir».

Görşümiz ýaly, şahyryň:

«Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar,
Biri Magtymguly, biri — goşa tar» —

diýip belleýşi ýaly, halkymyzyň gadymy saz gurallaryndan çykýan şirin owazlar eýýäm ençeme asyrlar bäri halkymyza ruhy lezzet paýlap gelýär.
Türkmen halkymyzda arkama-arka aýlanyp gelýän asylly ýörelgelerimiz az däl. Şolaryň biri bolan halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegi barada aladalanan pederlerimiz çaganyň haýsy ugra ýykgyn edýändigini olaryň hereketinden, meşgullanýan oýnundan hem aňlapdyrlar. Aýdym-saz sungatyna üşügi bolan çagalaryny ýaşlygyndan bagşy-sazandalaryň ýanyna hünär öwretmäge gözükdiripdirler. Çünki sabyrlylygy, kanagatlylygy talap edýän aýdym-saz älemine aralaşyp, onuň inçe tilsimlerinden baş alyp çykaýmak ýeňil-ýelpaý iş bolmandyr. 
Şägirtlik döwri tamamlanandan soň, ýaş sazanda hünär ussatlygynyň täze derejesine özbaşdak çykmaly bolupdyr. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter». Halkyň bu paýhasly sözlerinde halypaçylygyň çuňňur mazmuny ýatandyr. Şägirde ak pata bermezden öň, halypasy ýaşulularyň, saz muşdaklarynyň gatnaşmagynda ussatlygyň özboluşly synagyny geçiripdir».
 Halypa-şägirtlik mekdebini geçmek her bir ýaş bagşa, sazanda aňsat düşmändir. Diňe şol synag döwründen üstünlikli geçen şägirt özbaşdak aýdym aýtmaga we saz çalmaga hukukly bolupdyr. 
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halypa-şägirtlik ýolunyň dowam etdirilmegine uly üns berilýär. Bu ýoluň mynasyp dowam etdirilmegi üçin Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli şertleri döretdi. Indi ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen «Merdana nesil», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýaňlan, Diýarym!», «Ol şirwan perdäňe galsana, bagşy!» ýaly bäsleşikler ýaşlaryň aýdym-saz dünýäsinde öz orunlaryny tapmagyna ýakyndan ýardam edýär.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletli Diýarymyzda toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan şirin owazly aýdym-sazlarymyz diňe parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň mukamy bolup, hemişe ýaňlanyp dursun!

Anwar ŞAJIKOW,
Köýtendag etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.