DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bu şäheri tutuşlygyna emeli aň dolandyrar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi hökümeti giň gerimli taslama – emeli aň tehnologiýasy ornaşdyryljak dünýäde ilkinji şäheriň gurluşygyna badalga berdi.
Täze megapolis “Aion Sentia” diýlip atlandyrylar we Emirligiň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy merkezine öwrüler. Taslamanyň maýa goýumynyň möçberi 3.3 milliard dollara deň bolar we ony 2027-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Sanly ösüş bölüminiň başlygy ahmed Hişam Al Kuttabyň bellemegine görä, “Aion Sentia” taslamasynyň esasy aýratynlygy – gündelik işlerde, infrastrukturada we dolandyryşda emeli aň ulgamynyň ornaşdyrylmagy bolar.
Emeli aň diňe bir döwlet gulluklarynda däl, eýsem döwlet dolandyryş derejesinde çözgütleri kabul etmek üçin hem ulanylar.