DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bu şäherde her ýyl 12 müň millimetre golaý ýagyş ýagdaý

Hindistanyň Mausinram şäheri dünýäde iň köp ýagyş ýagýan ýer diýlip yglan edildi.

Bu ýerde ýagyş dynman ýagýar diýen ýaly. Çabgaly ýagşyň hepdeläp dowam edýän halatlary-da bolýar.

Mausinramda ýylyň dowamynda ýagýan ygalyň derejesi 11873 millimetrdir. Geçirilen seljermeleriň netijesinde geçen ýylyň iýunynda bu ýerde ýagan ygalyň derejesi 1003 millimetre barabar bolup, bu görkeziji Londonda bir ýylda ýagýan ygalyň derejesinden hem köpdür.

Ýagynyň şeýle köp ýagmagy şäheriň deňiz derejesinden 1400 metr belentlikde ýerleşmegi we Bengal aýlagynyň ýyly we çygly howasynyň edýän täsiri bilen düşündirilýär. Ýylyň dowamynda Mausinrama tebigatyň gözelliklerini, şaglawuklaryny we bu ýerde yzygiderli ýagýan ýagşy synlamak üçin syýahatçylaryň 10 müňden gowragy gelýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: