DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bu roboty iýip bolýar

Dünýäde ilkinji iýip bolýan robot Ýaponiýada peýda boldy. Täsin açyş Tokiodaky Elektrik Aragatnaşyk uniwersitetiniň desenti Esihiro Nakata tarapyndan edildi. Robot süýji žele bilen ýasalyp, eli we gara gözleri bolan gönüburçlary adama meňzeýär. Boýy bary-ýogy 7 sm bolan robot tans etmäge, dürli tarapa süýşmäge we ellerini galgatmaga ukyplydyr.

Robotyň ady «The wobbly character» bolup, terjime edilende «aljyraňňy häsiýet» diýmegi aňladýar.

Aýdylşyna görä, ol alma tagamlydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: