Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän bu bilim ojagy sport ulgamynda hem halkara derejesinde üstünlikleri görkezýär. Okuwçy Aýlar Süleýmanowa Hytaý Halk Respublikasynyň Tiýanjin şäherinde uşu boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ikinji orna mynasyp boldy. Küşt boýunça halkara derejesinde çykyş edýän Jahan Rejebowa hem-de mental arifmetika boýunça milli rekordlaryň eýesi Mekan Nurgeldiýew öz täsin ukyplary bilen mekdebiň sport abraýyny belende göterýärler.
Toparlaýyn ýaryşlarda hem mekdebiň 11—12-nji synp okuwçylarynyň futbol topary kiçi futbol boýunça geçirilen welaýat ýaryşynda üçünji orny eýelemegi başardylar. Dürli sport görnüşleri boýunça gazanylýan bu ýeňişler okuwçylaryň diňe bir ylymda däl, eýsem beden we ruhy taýdan hem kämilleşýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Bu mekdebiň okuwçylary halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler
14
May

