Bu hepde Türkmenabatdaky teatrda
Gyşyň ýagyş-ýagmyrly häzirki günlerinde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda haýsy eserler görkeziler?
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynyň habar beşi ýaly, şu gün ― 8-nji fewralda teatr öz tomaşaçylaryna «Saňa ýalan, maňa çyn» atly eseri hödürleýär. Ertir ― 9-njy fewralda bolsa «Ilkinji söýgi» atly eser görkeziler.
Sahna eserleriniň ikisi hem agşam sagat 19:00-da başlanar.
Ýeri gelende aýtsak, teatr geljek hepde üçin aýdym-sazly, gülküli konserti taýýarlaýar. Bu barada teatryň jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly eýýäm birnäçe hepdeden bäri habar berlip gelinýär. Şou konsertler 14-nji we 15-nji fewral günlerinde bolar.