MEDENIÝET

Bu hepde Türkmenabatdaky teatrda

Hepdäniň ahyrynda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda sungatyň muşdaklary üçin şüweleňli agşamlaryň ikisi garaşýar.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, 24-nji maýda bu ýerde «Gitara agşamy» atly konsert geçiriler. 25-nji maýda bolsa şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary «Hoş gal, mekdep ýyllarym!» atly konserte tomaşa edip bilerler.
Konsertleriň ikisi hem agşam sagat 19:00-da başlanar.