DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bu guş — Ýewraziýanyň iň kiçi baýgyşydyr

Serçe baýguşy Ýewraziýanyň iň kiçi baýguşy hasaplanylýar. Onuň erkekleriniň
göwresiniň uzynlygy 15 — 17 santimetre, agramy 47 — 62 grama, urkaçylarynyňky, degişlilikde, 17 — 19 santimetre, 55 — 79 grama barabardyr.
Bu guşlaryň kelleleri togalak, gulaklary ýeleksiz, uly bolmadyk gözleri ýiti limon
reňkli bolýar.
 Olaryň esasy iýmiti ýalmanlardyr. Eger ýalmanlaryň sany aw üçin azlyk etse,
onda bu guşlar gyzylguýruk syçanlar we ownuk guşlar bilen iýmitlenýärler. Olar
güýzde agaçlaryň köweklerinde gyş üçin azyk ätiýaçlygyny edinýärler.
 Bu ýyrtyjy guşlar gemrijileri awlamak bilen, tebigatda deňagramlylygy
saklamakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: