Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baştutany Tedros Adanom Gebreýesus koronawirus pandemiýasyny saklamagyň we dünýä ykdysadyýetini täzeden ýola goýmagyň usulyny açyp görkezdi. Ol bu barada Halkara olimpiýa komitetiniň 138-nji sessiýasynda eden çykyşynda aýtdy, diýip «ТАСС»-a salgylanmak bilen, lenta.ru» ýazýar. Gebreýesus indiki ýylyň ortalaryna çenli her ýurduň ýaşaýjylarynyň 70%-e sanjym etmek bilen pandemiýany ýeňip boljakdygyny mälim etdi. Çykyşynyň barşynda Gebreýesus koronawirus pandemiýasynyň ýaýran döwründe Tokioda Olimpiadanyň howpsuz geçjekdigine ynam bildirdi.
BSG-niň baştutany: koronawirus pandemiýasyny sanjym bilen ýeňip bolar

22
Jul