SYÝASAT

BRIKS sammitine 33 döwlet gatnaşar

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Tatarystanyň paýtagty Kazanda geçiriljek BRIKS sammitine 33 döwlet gatnaşjakdygyny tassyklady. Şol döwletleriň 24-si döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda wekilçilik eder. Bu barada Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Şamil Gafarow habar berdi.

Şeýle hem BRIKS hem-de “BRIKS/+” sammitine halkara guramalardan Ýewraziýa ykdysady guramasy, GDA we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy gatnaşar.

Mundan başga-da, BRIKS guramasyna agza bolmaga isleg bildirýänleriň hem sany yzygiderli artýar. Türkiýe bilen bir hatarda Şri-Lanka, Kuba gurama agza bolmak üçin resmi ýüz tutdylar.