BRIKS düzümine ýene bir döwleti kabul etdi
Braziliýanyň Hökümeti 1-nji ýanwarda BRIKS toparynyň başlyklygyny kabul etdi
we Indoneziýanyň bu topara agza bolandygyny habar berdi. Bu barada Braziliýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
– Braziliýanyň Hökümeti Indoneziýa Respublikasynyň BRIKS toparyna dolu hukukly agzalyga resmi taýdan kabul edilendigini yglan edýär – diýlip, Braziliýanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Braziliýanyň BRIKS guramasyndaky başlyklygy 31-nji dekabra çenli dowam eder.
2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Belarus, Boliwiýa, Indoneziýa, Gazagystan,
Kuba, Malaýziýa, Tailand, Uganda we Özbegistan guramanyň hyzmatdaşlary
hökmünde kabul edildi.
BRIKS guramasy – ýurtlaryň döwletara bileleşigidir. 2024-nji ýylyň 22-24-nji
oktýabrdynda Kazanda geçirilen BRIKS sammitinde bu guramanyň işine
goşulmak üçin 35 ýurtdan arza kabul edilipdi.
Bu gurama Russiýa, Hytaý, Braziliýa we Hindistan tarapyndan döredildi. Soňra
olaryň hatarynda Günorta Afrika Respublikasy goşulyp, gurama BRIKS adyny
alypdy. 2024-nji ýylyň başynda Müsür, Efiopiýa, Eýran we BAE guramanyň doly
hukukly agzasy boldy.