Braziliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Lensoýs Maranensis milli seýilgähi tebigatyň iň täsin ýerleriniň biridir. 1,5 müň inedördül kilometr meýdany eýeleýän seýilgähiň ak çägeli çöli we onuň ortalarynda oýtum-oýtum bolup emele gelen köller aýratyn gözelligi emele getirýär.
Amazonka derýasyna golaý ýerleşen seýilgähe ygalyň köp düşmegi we yzygiderli ýagşyň ýagmagy netijesinde emele gelen kölleriň mawy reňkli suwy iýun — noýabr aýlarynda has hem köpelýär. Emma gyş we ýaz aýlarynda gurakçylyk zerarly suwlar siňip we bugaryp, kölleriň käbirleri ýok bolýar. Muňa garamazdan, suw jandarlary has çuňrak köllere geçýärler. Beýikligi 40 metre çenli ýetýän çägeli depelerde ösümlikleriň seýrek duş gelýän. görnüşlerini synlamak mümkin.
Braziliýanyň täsin seýilgähi barada bilmek isleýäňizmi?

25
Oct