Ildeşlerimize ýylyň ähi paslynda bolşy ýaly, gyş paslynda hem böwreklerini sowukdan, duzly, gaty önümlerden aýamaklaryny ýatladýarys. Şeýe edilen-de, böwrek keselleriniň gaýragoýulmasyz ýagdaýyndan (böwrek ýetmezçiligini, böwregiň täze howply döremelerini) goradygymyz bolar.
Bu keseliň döremegine, ilki bilen, nädogry iýmitlenmek, ýagny suwuk, çorbaly naharlary az iýip, tersine, hamyrly, gaty tagamlary köp kabul etmek, gaýtadan işlenen, duzly iýmitler we et önümleriniň yzygiderli kabul edilmegi sebäp bolýar. Şeýle-de, suwy gereginden az kabul etmek ýaly nädogry hereketler hem keseliň döremegine sebäp bolup bilýär. Mundan başga-da, edil bedeniň beýleki içki agzalaryna duzuň agdyklyk etmeginiň zyýan ýetirişi ýaly, böwreklerde hem duzuň mukdaryny azaltmak onuň birnäçe keselleriniň döremek howpuny peseldýär. Olaryň sagdyn bolmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň üçin ýokarda hem belleýşimiz ýaly, suwuk naharlary köpräk kabul etmeli, her gün 2 ― 3 litr suw içmeli we ter gök önümleri, miweleri, ýagny brusnika, nar, üzüm, garpyz, kädi iýmeli.
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda böwrek daş kesellerini takyk anyklamaga we ony doly bejermäge ähli mümkinçilikler bar. Bu ýerde rentgen, USB, kompýuter tomografiýa barlag usullary arkaly näsaglaryň keselleri takyk anyklanylýar. Rentgen barlagyny peşew ýollarynyň giňişleýin rentgen şekilini almakdan başlaýar. Bu usul arkaly peşew daşlaryny görmek bilen, olaryň ölçeglerini, böwrekleriň işleýşini, olara daşlaryň ýetiren zyýanyň derejesini anyklap bolýar. Ýöne bu barlagda käbir daşlary görüp bolmaýar.
Ultrases barlag usuly bilen bolsa böwregiň umumy ýagdaýyny, onuň ýerleşýän ýerini, ölçeglerini, galyňlygyny, onuň içindäki daşlary, göwrümli kesellerini (täze döremeler, kistalar) kesgitläp bolýar.
Bu keselde kompýuter tomografiýa barlag usuly bedeniň beýleki agzalary bilen bir hatarda peşew çykaryjy ulgamynyň agzalaryny barlamakda giňden ulanylýar. Bu usulda böwrekleriň şekilini, ölçeglerini, düzümi we beýleki agzalar bilen gatnaşygyny anyk kesgitläp bolýar. Kompýuter tomografiýa lukmançylygyň beýleki usullary bilen anyklap bolmadyk ähli daşlaryň sanyny, ýerleşýän ýerlerini, dykyzlygyny we olaryň her haýsysynyň ölçeglerini takyk kesgitleýär. Bu barlagyň üsti bilen böwrekleriň ähli ýagdaýlary anyklanyp, bejerginiň oňaýly görnüşini saýlamaga mümkinçilik berýär.
Alişer BEŞIMOW,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň nefrologiýa bölüminiň müdiri.
