Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy öz işini milli Liderimiziň ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, ösüşiň ähli ugurlarynda ýetilen beýik sepgitleri, wagyz-nesihat etmek bilen, olaryň ähmiýetini we many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek hem-de düşündirmek boýunça guramaçylyk, medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli alyp barýar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşant goşýar. Asuda, bagtyýar ýurdumyzyñ her bir güni toý baýramlara beslenýär. Biz hem şeýle bagtly durmuşa şaýatlyk edýäris.
Ýurdumyz 2022-nji ýyly garşylamaga taýýarlanýar. Täze ýyl baýramynyň ýakymly howasy bar ýere ýaýraýar. Onuň golaýlaşýandygy hemme ýerde duýulýar. Biri-birinden owadan kaşaň arçalar oturdylýar, şähermiziň köçeleriniň ugrundaky daragtlary dürli öwüşginli çyrajyklar bezeýär, meýdançalardyr seýilgähler şowhunly konsert meýdançalaryna öwrülmäge taýynlanýar. Baýramçylyk çärelerine tanymal sungat ussatlary, artistler, çagalar döredijilik toparlary, şeýle-de, baýramyň baş gahrymanlary — Aýazbaba bilen Garpamyk hem gatnaşar.
Hudaýberdi Döwletow,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň başlygy.