BIZE YAZYARLAR

Bol miweli baglar

Toprak, bag diýen düşünjeleri bagbanyň aganyň ykbalyndan aýra göz öňüne getirmek mümkin däl. Bag bagban bilen hasylly bolýar.

40 ýaşdan geçenden soň baglary täzelemeli eken. Miweli baglardan ýokary hilli hasyl almak üçin ýönekeý almalary ýokary sortly almalara sapsaň, oňat netije berýär. Baglary sowuk urmadan goramak üçin entek ösümlikler uklap ýatyrka, ukudan oýanmanka, adaty almalara gowy görnüşli almalary sapsaň, haýry degýär ekeni. Baglaryň aşagyndan suw akyp dursa peýdaly. Ylaýta-da alma agajy suwy gowy görýär. Olara her aýda iki gezek, ýaş nahallara bolsa, üç gezek suw berilýär. Bagbanyň aýtmagyna görä, baglara dekabrda, fewralda gyşky suwuny bermek peýdaly.

Bagyň miweleriniň iri bolmagy üçin onuň şahasynyň üçden bir bölegini öserinden kesilýär. Ýöne baglaryň bol miwe berjek şahasyny kesmejek bolmaly. Şahalar çyrpylmasa, almanyň miwesi kiçelip, hasyllylygy hem azalýar. Sebäbi almanyň ýerden alýan iýmiti miwä däl-de, şahalaryna gidýär. Oňa aýda iki gezek organiki dökün berip agdarýarys. Baglaryň arasyna ekilen ýorunja ýeri gurplandyrýar, ol baglary azot bilen üpjün edýär. Ekiniň gyralaryna ekilen igdeler ýeriň şoruny aýyrýar.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak, ýerleriň meleoratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýorunjany we beýleki ekinleri ekin dolanyşygyna ornaşdyrylmagy üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmeegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Hut şondan ugur alyp bagban hem ýorunjanyň ot-iýmlik  gymmatynyň ondaky ýokumly maddalaryň köplügi bilen düşündirýär.  Ýorunja bedesi mallaryň boý almagyna ýardam edýär. 

Bagbanlar nahal ekilende her nahalyň aralygyk ölçeginiň kada laýyk bolmalydygyny aýdýarlar. Almanyň aralygy 5 metr, naryňky 3-2 metr, şetdalynyňky bolsa 4-5 metr bolmaly ekeni.Bagbanlar zaýaçylyga ýol bermeýärler. Ýere gaçan almalardan kak taýýarlanylýar. ‘Gyşky almalary gyşa saklamak üçin hiç hili zeper ýetirmeli däl.  Olar palçykdan gurlan jaýda saklansa, uzak wagtlap zaýalanmaýar.Tejribeli bagbanlar bag miweleri gurçukdan goramak üçin ekeologiýa taýdan arassa serişdelerden peýdalanýar. Ýüzärlikden, pomidoryň baldagyndan we ýapragyndan gaýnadylyp taýýarlanylýan ergini her 15 günden, aýda iki gezek, baglar  güllemänkä, pyntyklamanka, gülüni dökensoň, pürküji enjam sepýär. Şeýle ergini tä miwe ýygmaga 30 gün galýança sentýabra çenli baglara pürkülende oňat netije berýär eken.

Bagbanlaryň ýetişdirýän semerinko almalary gyşky alma hasaplanylýar.  ukrainaly seçgiçi alym Renat Platona Simirenko bu almany öwrenip, onuň aýratynlyklaryny beýan edipdir. Ol almanyň bu görnüşine öz kakasynyň adyny dakypdyr. Miwesi uly gök alma berhiz saklaýanlar üçin diýseň peýdaly. Ol ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamlarynda näsazlygy bolan näsaglaryň derdini ýeňilleşdirýär. Bu almanyň kilokaloriýasynyň azlygy üçin semizlikden ejir çekýänler üçinem haýry kän.

Noýabr aýynnyň ahyryndan bagyň düýpleriniň, daragtlaryň kökleriniň dem almagy üçin olary haşal otlardan arassalap, pil bilen agdaryp çykýarlar. Baglaryň düýbüni agdaryp, gyş suwuny berseň peýdaly. Şeýle edilende suw topraga gowy siňýär. 

Nursoltan Rahmedowa,

Çärjew etrabyndaky 12-nji orta  mekdebiň geografiýa we yaşaýyş durmuş esaslary mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: