JEMGYÝET

BMGÖM-iň oba hojalyk taslamasy Lebap welaýatynda netije berdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan Lebap welaýatynda iş saparynyň çäginde BMGÖM-iň «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalyk jemgyýetleriniň howa ýagdaýyna durnukly ykdysady durmuşyny goldamak» taslamasynyň Gündogar sebitdäki netijesi bilen hem tanyşdy.

Ýeri gelende aýtsak, bu taslama öz işini 2022-nji ýylda tamamlady. Onuň çäklerinde welaýatdaky ýyladyşhanalaryň, synag meýdançalarynyň birnäçesinde degişli işler geçirildi.

Şolara baryp gören hanym Saakýan tamamlanan taslamanyň netijesi babatynda ýerli oba hojalykçylar ― Ykdysady taýdan durnukly uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş toparynyň agzalary we BMGÖM taslamasyndan peýdalanýanlar bilen duşuşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: