TÜRKMENISTAN HABARLARY

BMG Türkmenistanyň ýene bir başlangyjyny ykrar etdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredow Hökümetiň 6-njy dekabrda geçirilen mejlisinde BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. 2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan ählumumy parahatçylygy
hem-de ynanyşmagy üpjün etmek, dürli ulgamlarda halkara tagallalary
işjeňleşdirmek boýunça möhüm teklipleri öňe sürýär. Baş Assambleýanyň
ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen degişli Kararnamalary kabul etmegi bu
teklipleriň möhümdiginiň we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden
goldanylýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň
ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy bu daşary syýasy ýeňiş bilen Ministrler
Kabinetiniň agzalarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan
saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkara abraýynyň has-da belende
galmagynyň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.