TÜRKMENISTAN HABARLARY

BMG Türkmenistanyň ýene bir başlangyjyny ykrar etdi

12-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambelýasynda her
ýylyň 23-nji oktýabryny Halkara gar barsynyň güni diýip yglan etmek baradaky
Kararnama kabul edildi. Gyrgyzystanyň başlangyjy esasynda kabul edilen bu
resminamanyň awtordaşy hökmünde Türkmenistan hem çykyş etdi. Bu barada
BMG-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Gar barsy Merkezi we Günorta Aziýanyň daglyk sebitlerinde ýaşaýan seýrek duş
gelýän ýyrtyjydyr. Ol Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna
hem girizilendir. Häzirki wagtda oňa ýitip gitmek howpy abanýar.
Kabul edilen Kararnama laýyklykda, ýakyn geljekde gar barslarynyň sanyny
köpeltmek, olaryň ýitip gitmeginiň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreler
göz öňünde tutulýar.
Kararnama ähli gyzyklanýan taraplary gar barslaryny goramak tagallalaryna
goldaw bermek üçin halkara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çagyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: