SYÝASAT

BMG Türkmenistanyň ýene bir başlangyjyny tassyklady

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy diýip, TDH habar berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy öz Kararnamasy bilen Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, bu ulgamda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleri goldady.