BMG Türkmenistanyň başlangyjy bilen sport ýaryşlaryny guraýar
Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki baş edara biasynda Türkmenistanyň
BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň gurnamagynda BMG-niň dostluk Oýunlaryna
badalga berildi. Golaýda bu oýunlaryň açylyş dabarasy guraldy.
Bu sport ýaryşlary Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň çäklerinde guralýar.
Sport oýunlary Nýu-Ýorkdaky diplomatik gulluklaryň, BMG-niň Sekretariatynyň hem-de
degişli ýöriteleşdirilen düzümleriniň işgärlerini, umuman 110 döwletden 800-den gowrak
gatnaşyjyny bir ýere jemledi.
Sport ýaryşlaryň çäklerinde futbol ýaryşy her hepdäniň şenbe günleri Nýu-Ýorkuň
Manhetten sebitindäki Robert Mozes sport meýdançasynda oýnalýar.
Şeýle hem ýoga, küşt, ylgaw ýaly ýaryşlar geçirildi. Mundan başga-da, badminton, basketbol,
tennis, woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaly ugurlarda sport ýaryşlary geçiriler.
Umuman, ýaryşlar maý aýynyň ortalaryna çenli dowam eder we oýunlaryň dabaraly ýapylyşy
hem-de sylaglamak çäreleri guralar.