DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň sebitleýin Ýaşlar taslamasynyň bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Lebap welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda ýerine ýetirilýän we Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstrimizmiň öňüni almak maksady bilen ýerli jemgyýetleriň we serhetara hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny artdyrmak» atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde geçirilen okuwlaryň, bäsleşikleriň we biznes taslamalaryň jemi boýunça duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak çäresine taslamanyň hyzmatdaşlary: Türkmenabat şäher häkimliginiň wekilleri, Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň we Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň işgärleri, şonuň ýaly-da, welaýatyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.
Ýaşlar bilen duşuşygyň dowamynda kompýuter sowatlylygy boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan oglan-gyzlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ondan başga-da, taslamanyň çäginde ýaşlara işe ýerleşmäge we özlerini iş bilen üpjün etmek mümkinçiliklerini döretmek maksady bilen, iş gözleýän we hünär okuwlaryna gatnaşan ýaşlara, biznes taslamalaryny ýazyp, ýeňiji bolan ýaşlara işe başlamak üçin gerekli instrumentleriň toplumlary we enjamlar gowşuryldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýaşlar taslamasynyň çäklerinde ýaşlaryň kämillik, telekeçilik we hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli onlaýn we oflaýn okuwlar geçirilýär. Mysal üçin, şu ýylyň noýabr aýynyň 2-sinden 10-y aralygynda «Surata düşürmek» we «Şekillendiriş bezegçi» hünärleri boýunça mugt onlaýn okuwlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Olara ýaşy 18-den 35 ýaş aralygyndaky raýatlar gatnaşyp bilerler. Bu okuwlaryň netijesinde ýaşlarda öz jemgyýetinde öz ornuny tapmaga, işe ýerleşmäge ýa-da özbaşdak işe başlamaga mümkinçilikler we uly islegler döreder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply