TÜRKMENISTAN HABARLARY

BMG-niň ÖM-niň sebitleýin taslama işe başlady

Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde BMG-niň ÖM tarapyndan amala aşyrylýan «Merkezi Aziýada DÖM-nyň platformasyny döretmek» atly sebitleýin taslama işe girizildi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Resmi açylyş dabarasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şeýle hem halkara maliýe guramalarynyň we hökümete dahylsyz guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Sebitleýin taslama esasy sosial-ykdysady maksatnamalary seljermek we täzelemek, ÝB-niň sebitleýin maksatnamalarynyň DÖM-ny ýetmek boýunça netijeliligini ýokarlandyrmak işinde ýurtlara kömek bermek arkaly Merkezi Aziýada DÖM-nyň gazanylmagyny çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.