TÜRKMENISTAN HABARLARY

BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýurt boýunça bölümi webinar geçirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatnamasynyň ýurt boýunça bölümi «Awaza myhmanhanalarynda dowam edýän tejribe boýunça «ýaşyl» ülňüleri ulanmagyň häzirki ýagdaýyny öwrenmek» temasyndan webinar geçirdi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Çäre BMG-niň DÖM-i bilen Türkmenistanyň oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde guraldy. Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň, müdirlikleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň häkimlikleriniň we Awaza etrabynyň wekilleri gatnaşdy.

Webinara gatnaşanlar «ýaşyl» gurluşygyň we şäher dolandyryşynyň halkara ülňüleri bilen tanyşdylar, şeýle hem ýurdumyzyň myhmanhanalarynda, hususan-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyň myhmanhanalarynda energiýany, suwy netijeli ulanmaga we tygşytly dolandyrmaga mümkinçilik berýän milli «ýaşyl» standartlary işläp düzmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: