TÜRKMENISTAN HABARLARY

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde Türkmenistan täze başlangyçlary öňe sürer

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürmek teklip edilýär. Onuň şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitinde hukuk taýdan berkidilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi öz işine şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda başlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: