TÜRKMENISTAN HABARLARY

BMG Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça forumlary geçirer

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde sebitde ykdysady, energetika we ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça forumlary geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hasabat berdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler BMG-niň standartlary esasynda sanly söwda-ykdysady geçelgeleri ösdürmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birididigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere SPECA hepdeliginiň çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň mazmunynyň baýlaşdyrylmagyny tabşyrdy.