Lebap welaýat kitaphanasynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geneşiniň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýatynyň Maliýa-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda
“Bitaraplyk we parahatçylyk baky abadançylyk” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle-de kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Galkynýar gül açýar Bitarap Watan” ady bilen kitap sergisi guraldy. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-
bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.