MEDENIÝET

“Bitaraplyk-Watan asudalygyň binýady”

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Bitaraplyk-Watan asudalygyň binýady” ady bilen maslahat geçirildi.

Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de
ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen syýasy, ykdysady, medeni taýdan barha pugtalanýandygy, Bitaraplyk ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlygy barada, şeýlede Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara
hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýandygy barada aýdylyp geçildi.
Maslahatyň ahyrynda halkymyzy parahat, asuda, bagtyýar zamanada ýaşadýan hormatly Prezidentimize ak ýüreklerinden alkyşlar aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik
işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: