Bitaraplyk şöhratymyz – şanymyz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýy uludan tutulýar.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şanly baýramçylyk
mynasybetli paýtagtymyz toý lybasyna beslenip, aýratyn gözellik we baky
bagtyýarlyk eçilýär. “Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet
– bu biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistandyr!” diýen nurana buýsançly sözler
bu gün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Berkarar
döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir
güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup
geçişi ýaly halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar
bolup geçýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik,
ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň onuň Bitaraplyga esaslanýan
daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda
Türkmenistan “hemişelik Bitarap” diýlip yglan edildi. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Bitaraplyk baýramy ýurdumyzda giňden bellenilýär. Bitaraplyk derejesi türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başydyr.
Hemişelik Bitaraplygymyz hem edil Garaşsyzlygymyz ýaly ýakymy bilen dabarasy soňlanmajak baýramdyr. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň goşa ganatydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny dileýäris! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! Ýetip gelýän Bitaraplyk baýramy bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýarys.
Kurbanowa Firuza
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň
III ýyl talyby