Neneň buýsanmajak, neneň guwanmajak?! Türkmeniň asylly ýörelgeleri ýer ýüzünde dabaralanýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi halkymyzyň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer aladalarynyň aýdyň mysalydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň içerki syýasatyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyz soňky ýyllarda birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgesini barha ilerletýär. 30 ýyllyk şanly sene Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň iň bir naýbaşy wakalarynyň birine öwrüler. Geçirilmegi meýilleşdirliýän çäreler, halkara forumlar, yglan edilen bäsleşikler türkmen halkynyň beýik bir sarsmaz ýoldan öňe barýanlygynyň alamaty bolsa gerek.
Ynha bugun hem, Darganata etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden terbiýeçilerdir, bilim işgärleri Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we ähliumumy ösüşe ýardam berýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň çäklerinde çagalar bagynda terbiýelenýän körpejeler hem öz çykyşlary bilen dabaranyň şowhunyna barha şowhun goşdular. Ýurdumyzda Bitaraplygymyzyň 30 ýylynyň dowamynda gazanylan üstünliklerinden ybarat bolan widioýazgylaryň görkezilmegi bolsa dabaranyň hasda täsirli bolmagyny gazandy.
Bagtyýarlygy baýdak edinip, aýdyň ertirlere sary ynamly öňe barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyz güllesin, gül açsyn!
Rozbike HOJAÝEWA,
Darganata etrabyndaky 4-nji Çagalar bagynyň müdiri.
