MEDENIÝET

Bitaraplyk-parahatçylygyň we ösüşiň binýady

Lebap welaýat kitaphanasy we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda bu ajaýyp medeni ojakda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylyna bagylap “Bitaraplyk-parahatçylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen maslahat geçirdiler.
Maslahatda döwletimizde dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň hemişe güýçlenmegi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmeklige uly üns berýänligi, onuň alyp barýan daşary syýasaty öňe sürýän teklipleri bilen kesgitlenýär.
Biziň ýurdumyzyň halkara abraýynyň, ornunyň ýokary galmagyna, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy we ruhy baýlygy, baý serişdeleri, önümçilik mümkinçilikleri,jemgyýeti demokratizasiýalaşdyrmak, giň gerimli
özgertmeler ýoly bilen aýgytly öňe barýan döwletiň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösüşi, gönüden-göni, oňaýly täsir edýär diýip çykyş edenler bellediler. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan “Ösüşli ýollara rowana Watan” atly guralan kitap sergisine syn etdiler. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ösüşi, raýatlarymyzyň hakhukuklarynyň ygtybarly goragynyň üpjün edilmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: