“Bitaraplyk-parahatçylygyň belent taglymaty”
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň we welaýat zenanlar bölüminiň, bilelikde gurnamaklarynda kümüş saçly enelerimiziň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we talyp gyzlaryň gatnaşmaklarynda söhbetdeşlik geçirildi.
Gatnaşyjylar Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýandygy we bu barada zenanlarymyzyň tutýan ornunyň aýratyndygy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat” atly eserlerinden ugur alyp, ýaşlaryň arasynda eserdäki rowaýatlary mysal getirip, ene-mamalarymyzdan ýetip gelen däp-dessurlary, edim-gylymlary, türkmen gyzlaryna mahsus häsiýetleri barada çykyşlar edildi. Kitaphana işgärleriniň guran“Bitaraplyk eşretli durmuşyň binýady” atly giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylaryň ünüs merkezinde boldy. Çäräniň dowamynda bagtyýar zamanada zenanlaryň mertebesini beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsynlar aýdyp, Türkmen Halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman
bolmagyny arzuw etdiler.