BIZE YAZYARLAR

Bitaraplyk — parahatçylyga daýanç

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary diňe bir ýylyň nyşany bolman, eýsem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki ornuny, syýasy ýörelgesini hem aýdyň görkezýär. Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara giňişliginde uly abraý getirip, parahatçylyga gönükdirilen başlangyçlaryň öň hatarynda durmaga mümkinçilik berýär.
Bilim edaralarynda bu şygaryň many-mazmuny okuwçylara taryhy mysallar, döwrebap maglumatlar arkaly düşündirilýär. Sapaklarda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlykdaky ornunyň artmagy, parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär. Munuň özi ýaşlaryň döwletimiziň alyp barýan syýasatyna düşünmegini has-da artdyrýar.
Şu ýylyň şygary ýaş nesilde Watana bolan buýsanjy pugtalandyrýar. Biz, bilim işgärleri, ýaşlaryň diňe bilimli däl, eýsem, döwletimiziň milli bähbitlerine düşünýän, dünýäde bolup geçýän wakalara sagdyn baha berip bilýän şahsyýetler bolup ýetişmegine çalyşýarys. Munuň özi ýurdumyzyň geljeginiň ygtybarly ellerde bolmagyny üpjün eder.

Dilaram ESEDOWA,
Farap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.