Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, jebisligiň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanalýan Watanymyzda şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy ýetip gelýär. Bu bagta ýurdumyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň esasynda, gurama agza 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde eýe boldy. Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assamleýasynyň 69-njy mejlisinde
bu gurama girýän 193 döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyp diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi açyldy. Bu merkez sebitiň giňişliginde durnuklylygy ýola goýýar we netijeli özara gatnaşyklary berkidýär. Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilim hyzmatdaşlygy täze ösüşlere eýe bolýar.
Ýurdumyzyň Bitaraplygy bilimde, ylymda, medeniýetde, saglygy goraýyşda, sportda we syýahatçylykda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açdy. Ýurdumyz „Açyk gapylar“ syýasatyna eýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, parahatçylyk ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalmak bilen beýleki ýurtlar babatda hoşniýetli, ynsanperwer syýasaty alyp
barýar. Tebigy hadysalardan, ýer yranmasyndan, suw joşgunyndan ejir çeken ýurtlara ynsanperwer kömek berilýär. Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyz bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň dünýäde umumyadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän, asudalygy goraýan, parahat söýüji döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilendigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň milli sebit we halkara derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän halkara başlangyçlarynda hemişelik Bitaraplyk diňe bir ýurduň daşary syýasatyna däl, eýsem, içeri syýasatynda-da oňyn täsir edýär. Häzirki wagtda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy. Beýik özgertmeleriň giň ýoluna düşen ýurdumyzda il bähbitli durmuşa ornaşdyrylan çözgütler, raýatlaryň zähmet we durmuş üpjünçiligini kepillendirýän Kanunlar, dünýä ülňülerine doly gabat gelýän täze bilim, saglyk syýasatlary bu günki gün türkmen halkynyň mertebe buýsanjyna öwrüldi. Ýurdumyzda täze zawod-fabrikler, saglyk we medeni dynç alyş merkezleri, sport toplumlary, täze obalar, şäherler gurulýar, şeýle hem halkara maslahatlar, konferensiýalar, forumlar, sergiler yzygiderli geçirilip durulýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitaraplygy halkara derejesindäki özgertmeleriň ajaýyp üstünlikleri bilen utgaşyp gidýär we täze ruhly ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň ýaýbaňlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Çünki, Türkmenistan gelejege tarap aýgytly gadam urmak bilen parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar hem-de häzirki zamanyň möhüm meselelerine degişli umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde iki şanly sene baýram edilýän 2025-nji ýylyň
aýratyn ähmiýetini belledi. Şunda Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy, sebitde hem-de dünýäde onuň ygtybarly daýanjy bolandygy we şeýle bolmagynda-da galjakdygy nygtaldy. Biz parahatçylyk Tugunyň astynda erkin dem alyp, asuda ýaşaýan halk. Iimiz ýagty, aýdyň ertirimize ynamly garaýar.
Bitaraplyk – bu asudalyk, şu güne begenç, ertire ynanç. Ol hemişelik bagtyýarlygymyzyň şuglasydyr. Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
SERDAROWA Güljan,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
pedagogika fakultetiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
