BIZE YAZYARLAR

Bitaraplyk berkararlygyň gözbaşydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady, syýasy
hem-de medeni taýdan galkynýan ýurdumyz – Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan asyrlara barabar ösüşler bilen günsaýyn öňe barýar. Milli
Liderimiziň howandarlygynda bagtyýarlygyň, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň,
ygtybarlylygyň we asudalygyň mekanyna öwrülen diýarymyz sebitde, şeýle
hem bütin dünýäde ajaýyp ýaşaýşyň höküm sürýän jennet diýary hökmünde
tanalýar. Eşretli ýaşaýşyň gözbaşy bolan Bitaraplyk we Garaşsyzlyk – munuň özi milli türkmen döwletiniň berkararlyk sütüniniň sarsmaz binýadydyr. Indi 29 ýyl bäri özüniň alyp barýan parahatçylyksöýüjilik hem-de ynsanperwerlik syýasaty netijesinde gülleýän we gül açýan ýurdumyz bu günki gün Bitaraplyk toýuny toýlaýar.
Häzirki wagtda täze galkynyşa beslenen türkmen halky we Türkmenistan döwleti umumymilli taryhy şertlerde bütin dünýäde uly şöhrata hem-de belent mertebä eýe boldy. Türkmenistan Watanymyzyň abraý-mertebesiniň şeýle belende galmagynda berkarar döwletimiziň bütin dünýäde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti örän uludyr. Baky Bitaraplyk derejesine esaslanyp, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji we 64-nji sessialaryna wise-başlyklygy saýlanylmagy, hormatly Prezidentmiziň BMG-niň belent münberinden dünýäni özgertmek barada türkmeniň köňül küýsegini beýan etmegi, ähli ýurtlary ynsan durmuşynyň parahatçylygyna, asudalygyna, abadanlygyna we saglygyna howp salýan wehimleri ýok etmäge, olaryň öňüni almaga çagyrmagy, Ýer ýüzüniň dürli sebitleriniň Garaşsyz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin gapylaryny giňden açmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde asudalygyň gözbaşydyr. Ynamyň, agzybirligiň, parahat durmuşyň gönezligidir. Çünki Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisiniň biragyzdan goldamagynda bu Guramanyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde kabul eden Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasy esasynda Türkmenistana hemişelik Bitarap döwlet derejesiniň berilmegi ony ýokarda agzalan wezipeleri amala aşyrmaga borçlandyrýar hem-de ýurduň hakyň daşary syýasatynyň diňe parahatçylyksöýüjilik maksada ýugrulandygyna doly güwä geçýär. Bu bolsa ähli babatda türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen döwlet gurujylyk tejribesiniň bütin dünýä tarapyndan ykrar edilendiginiň aýdyň hakykatydyr.
Döwletimiziň Bitaraplygy milli ýörelgelerimizden gözbaş alyp, ähli halklaryň
bähbitlerini göz öňünde tutýan özboluşly ýagdaýdyr. Şeýle derejä eýe bolan
Türkmenistan ähli ynsanyň ykbalyna täsir edýän derwaýys meseleleri oňyn
çözmäge giň mümkinçilikleri döredýän Zeminiň ylalaşdyryjy merkezleriniň birine öwrüldi.
Baýramyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar!

Züleýha JUMANIÝAZOWA,
Çärjew etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň fizika mugallymy.