BIZE YAZYARLAR

Bitaraplyk — baky bagtym!

Bitaraplyk parahatçylykly ýaşaşmagyň, şonuň esasynda gülläp ösüşleri gazanmagyň taglymatydyr. Biziň Bitaraplyk ýörelgämizde halkyň däp-dessurlarynyň, agzybirliginiň, asudalygynyň, hoşmeýilli goňşuçylygynyň maýa goýazylygy ýatyr. Döwlet Baýdagyny kesgitleýän nyşanlaryň üçüsiniň biriniň döwlet Bitaraplygydygy ýöne ýerden däldir. Ol milletiň agzybirligi we Garaşsyzlygy ýaly mukaddeslikler bilen bir hatarda goýulýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde her bir gazanylan üstünligiň başynda biziň Bitaraplyk syýasatymyz durýar.
Türkmen Bitaraplygynyň esasynda diňe bir ýurduň içinde däl-de, eýsem tutuş sebitde durnuklylygy, halklaryň we döwletleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, hoşmeýilli gatnaşyklary ýola goýmak ýaly asylly maksatlar aýdyň görünýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty tutuş adamzadyň bagtly geljeginiň binýadyny berkidýär. Türkmen halky gadymdan bäri parahatçylygyň gadyryny bilýär.
Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi ykrar edilenden soň geçen ýyllaryň içinde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynda özüniň ynsanperwer syýasaty bilen giňden tanalýar. Ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmäge ýykgyn edýändigini anyk işleri bilen tassyklaýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Bitarap döwletiň borçnamalaryny ýerine ýetirmekde birnäçe halkara
şertnamalaryna diňe bir gatnaşyjy bolman, eýsem olary durmuşa geçirmäge-de işjeň goşulýar. Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgeleri halklaryň hemmetaraplaýyn ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak bilen, Türkmenistan dünýäniň ýüzden hem gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy we halkara guramalaryň ýüzlerçesiniň agzasy bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň esasyna öwrüldi. BMG-niň birnäçe resminamalarynda bellenilişi ýaly, Aşgabat iş ýüzünde parahatçylykly gepleşikleri, halkara maslahatlary geçirmegiň merkezine öwrüldi. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda
durmagynda gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygymyz barha giňelýär. Türkmenistan birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise başlyklygyna saýlandy, paýtagtymyzda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkezi hereket edýär. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy ösen döwletleriň hataryna çykarmak baradaky aladalarynyň netijesidir.

Dursun BABANIÝAZOWA,
Farap etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.