BIZE YAZYARLAR

Bitaraplyk ― belent mertebe

Daşary syýasatda umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň — hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy bolup dünýä doldy. Ýeri gelende belläp geçsek,  hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  ýurdumyzyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr  «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi.

Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny dünýä bileleşigine subut eden ýurdumyz, bu gün halkara hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, birek-birek bilen düşünişmek, ynanyşmak hem-de özara bähbitli gatnaşyk etmek ýaly ýörelgelere pugta eýermek bilen, milli köklerimizden gaýdýan däpleri dünýä çykardy.

Taryhyň uzak menzillerinde berkarar döwlet islän halk, islegine ýetdi. Arzuwlar wysal boldy. Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan Berkarar döwletiniň ak bagtynyň jylawy halkyň öz eline geldi. Garaşsyzlyk bagtynyň kalplarymyza köwsarladan erkinlik şemaly täze kemala gelen türkmen döwletine – Garaşsyz Türkmenistana halkara gatnaşyklarda öz ýoluny saýlamagy we ony giň jahana ykrar etdirmegiň jogapkärli wezipesini hem getirdi.

Bu günki günde bolsa, merdana ata-babalarymyzyň türkmen topragynyň mydama abadan we parahat bolmagy, halkymyzyň bagtly geljegi barada eden umyt-arzuwlary doly hasyl boldy. Halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň baky Bitaraplygy türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däpleriniň dowamatydyr, türkmen döwletiniň mäkäm tutum binýadydyr, halkymyzyň müňýyllyklara uzap gitjek şöhratly taryhynyň, parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň ygtybarly kepilidir.

Aýna ATAJANOWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.