Dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz bütin dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Rezolýusiýalary bilen dünýäde baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hasaplanýar. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan şeýle ýokary ykrara eýe bolan ýurdumyz daşary syýasatda ählumumy ösüşiň binýadyny goýjak netijeli halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu bolsa sebitde durnuklylygy saklamakda we tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary has-da ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, bu abraýly halkara gurama ýurdumyz bilen 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini esaslandyrdy. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi. Öz nobatynda, bular ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň goralmagy we umumadamzat ösüşiniň üpjün edilmegi babatdaky tagallalaryna berlen ýokary bahanyň aýdyň nyşanydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz daşary syýasatda uly ösüşleri gazanýar. Häzirki wagtda syýasy we ykdysady taýdan durnukly ýurt hökmünde ykrar edilýän Türkmenistan dünýäniň 150-den köpräk döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy şeýle netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.
Oguljan MURADOWA,
Çärjew etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.