BIZE YAZYARLAR

Bitaraplygyň Ýaşyl Baýdagy Astynda

Asuda asmanda ganatlaryny ýaýýan ak kepderiler, çagalaryň bagtyýar gülküleri, halkymyzyň
ýüreklerini doldurýan rahatlyk — bularyň bary bir gudratly manyny, mukaddes düşünjäni
aňladýar. Bu düşünjäniň ady — Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy.
Ol diňe bir syýasy ýörelge däl-de, eýsem, türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň beýik nusgasydyr.
Günüň nurly şöhlesi ýaly buýsanç bilen pasyrdap duran ýaşyl baýdagymyz dünýäde
parahatlygyň hem-de ynanyşmagyň nyşanyna öwrüldi. Ol Garagumuň altyn däneleri bilen
ýasalan ýaly, dünýäniň halklaryna mähir saçýar, türkmen halkynyň asuda kalbynyň, beýik
ruhunyň, ýagşy niýetleriniň alamaty bolup, giň asmanymyzyň ýüzünde hemişelik belentlikde pasyrdap dur.
Bitaraplyk — bu asudalygyň we ynanyşmagyň ýoludyr. Ol halklaryň ýüreklerini birleşdirýän,
ösüş arkaly parahatçylygy ornaşdyrýan beýik ýörelgedir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi, bu ýörelgäniň dünýä derejesinde giňden tan alnyşydyr. Bu bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, parahat ýaşaýşa bolan yhlasynyň beýik netijesidir.
Şu ýylda ýurdumyz öz Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesini belleýär. Bu ýylyň Birleşen
Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi-de aýratyn taryhy many bilen tapawutlanýar. Dünýäde iň abraýly halkara gurama bolan BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň durnukly we ynanyşmaga esaslanmagy, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan halkara giňişlikde ynanyşmak, dostluk we parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar. Dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak, halkara guramalaryň 50-den gowragyna agza bolmak ýurdumyzyň abraýynyň we işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň beýik beýanydyr.
Halklaryň arasynda düşünişmek, ösüş arkaly parahatçylygy wagyz etmek — bular ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň binýady bolup durýar.
Parahatçylygyň, dostlugyň we ynsanperwerligiň ýaşyl baýdagy astynda ýaşamak türkmen
halkynyň iň uly buýsanjydyr. Bu baýdak — diňe bir döwletimiziň däl, eýsem, ähli adamzadyň
ýagşy arzuwlarynyň hem nyşanydyr.
Mähriban halkymyzy ösüşleriň, döredijiligiň we asudalygyň şöhle saçýan ýoly bilen öňe alyp
barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary
sag, işleri rowaç bolsun!
Olaryň parasatly ýolbaşçylygy astynda eziz Diýarymyz — Türkmenistan, ýaşyl baýdagynyň
gölgesinde parahatlygyň we dostlugyň ýolundan baky öňe barýar.

Gülçehra ERGEŞOWA,
Dänew etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.