Bitaraplygymyzyň şuglasy
Bitaraplyk ata-babalarmyzyň wysal bolan arzuwy, halkyň çüwen bagty, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk syýasytynyň möhüm özenidir. Onuň esasy maksady ýurduň daşary syýasyny gülletmekden, goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr. Türkmenistan döwletimiziň bu gün parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy, dost-doganlyk mekany hökmünde ady äleme
doldy. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz hiç bir harby bileleşiklere goşulmaýan, dawalara galtaşmaýan, çylşyrymly meseleleri çözmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk Türkmenistana halkara gatnaşyklarynda abraý-mertebe, türkmen halkyna şöhrat-şan getirdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda dünýäniň ähli yklymlarynyň döwletleri bilen dürli ugurlarda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek wezipesi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan bilen ozal däbe öwrülen gatnaşyklary bolan döwletlerden başgada dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha
artýar. Türkmenistan häzirki döwürde birnäçe halkara guramalarynyň doly hukukly agzasy bolup durýar.
Bitaraplyk – atalaryň parahatlyk pendidir, halkymyzyň hazynaly genjidir. Bu Diýara baky bagtyň rowaç bolup gelşidir, Bitaraplyk – adamzadyň kalbyna parahatçylyga bolan söýgini oýarýar. Daglaryň
gudratynyň gözelliginde, deňizleriň joşgunynyň tolkunlarynda jem bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesi hormatly Prezidentimiziň dost-doganlyga ýugrulan ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň ähli görnüşlerinde parahatçylyk söýüjilik äheňleri mydama esasy orunda durýar.
Bu gün türkmen Bitaraplygy sebitde we bütin dünýäde syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik häsiýetli wajyp meseleleri çözmekde döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa biziň her birimizi baky Bitaraplygymyza bagtymyzyň buýsanjy hökmünde
guwanmagymyza itergi berýär.
Şu ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ‘’Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara hyzmatdaşlygyň orny’’ atly halkara maslahatyndaky çykyşynda häzirki zamanyň strategik ähmiýetli birnäçe halkara meseleleriniň üstünde durup geçdi. Şeýle-de şu ýyl 21-nji martda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen ‘’Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy’’ atly Kararnama indi üçinji gezek biragyzdan kabul edildi. Bu hoş habar ähli ildeşlerimiziň göwünlerini ganatlandyrdy.
Goý, Bitaraplygymyzyň şuglasy dünýäni nurlandyrsyn!
Aýsoltan KULYÝEWA,
TDP-niň Halaç etrap komitetiniň buhgalteri.