Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak bolan 29 geleşik hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçilerine dokma önümleri, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, boýalan we jins matalary ýerlenildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny we gaplaýyş plýonkasyny satyn alyp, jemi bahasy 26 million 251 müň manatdan gowrak bolan geleşikleri baglaşdylar.
Biržada 14 million manatlyga golaý geleşikler baglaşyldy
23
Mar

