Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň hem-de Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, pagta süýümi, arassalanan pagtaýüplüginiň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 413 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 604 müň 500 manada deň bolan binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.
Birža söwdalarynda 30 million dollarlyk geleşikler baglaşyldy
30
Sep

