Birža hepdeligi: 42,5 million dollarlyk täze geleşikler
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň
işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň
kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini,
Täjigistanyň telekeçileri bolsa «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 23 million 430 müň
manatdan gowrak bolan nah ýüplügi hem-de dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar.