TÜRKMENISTAN HABARLARY

Birža hepdeligi: 4,1 million dollarlyk geleşikler

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň
söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet
konserniniň kärhanasynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň,
Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine buýan köki, jins matasy we nah ýüplük ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 167 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 86 müň manatdan gowrak bolan portlandsementi, float aýnasyny satyn aldylar.