TÜRKMENISTAN HABARLARY

Birža hepdeligi: 37,3 million dollarlyk geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň
işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az
kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan
köküni we buýan köküniň baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy
ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy.
Ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 28 million 843 müň manatdan
gowrak bolan binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), float
aýnasyny, nah we pagta galyndylaryny, pagta lintini satyn aldylar.