JEMGYÝET

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjyny goldady

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 9-njy dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.

Türkmenistan geçen ýyl Türkmenistanyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş edipdi hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek boýunça netijeli işlere başlapdy.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistan 2025-nji ýylyň «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baradaky başlangyjy hem öňe sürdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: