BILIM

Birinji synpa orta mekdebi tamamlanlardan iki esse diýen ýaly köp okuwçy bardy

Birinji sentýabrda Lebap welaýatynyň orta mekdeplerine 31 müňden gowrak okuwçy birinji synpa gadam basdy.

Bu geçen ýylky görkeziji bilen deňdir, ýöne geçen okuw ýylynda orta mekdepleri tamamlaryň sanyndan iki essä ýakyn köpdür. Welaýat baş bilim müdirliginden alnan maglumatlara görä, geçen okuw ýylynda orta mekdepleri oglanlaryň we gyzlaryň 17 müň 555-isi üstünlikli tamamlapdyr. Bu birinji synpa barýanlaryň uçurymlaryň sanyndan 13 müň 527 okuwçy köpdügini görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: