Birinji liganyň Lebap zolagynda «Köpetdag» ilkinji ýeňşini gazandy

Oct 9, 2020

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap zolagynda 8-nji tapgyryň çägindäki «Farap» — «Köpetdag» duşuşygy geçirildi. Duşuşyk 1:5 hasabynda «Köpetdagyň» peýdasyna tamamlandy.
Şeýlelikde, welaýat Polisiýa müdirliginiň futbol topary möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. Toparyň ezber futbolçylarynyň biri Sergeý Ýegenberdiýew bolsa het-trik edip, duşuşygyň gahrymanyna öwrüldi. «Köpetdagyň» şu möwsümde geçiren 18 pökgüsiniň 8-siniň awtory bolan bu futbolçy, şol bir wagtyň özünde «Derýaçynyň» oýunçylary Azamat Açylowdyr Ýusup Nurmämmedow bilen birlikde möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň başyny çekýär.
Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Garagumyň» «Amyderýany» 1:0, «Mirasyň» «Demirýolçyny» 3:1 hasabynda ýeňendigini habar beripdik.
Zolakda 9-njy tapgyryň duşuşyklary 11-nji oktýabrda geçiriler. Şol gün Türkmenabat şäherindäki «Himiýaçy» stadionynda «Miras» bilen «Derýaçy» (13:00), «Köpetdag» bilen «Çärjew» (15.00) duşuşar. «Demirýolçy» stadionynda bolsa «Amyderýa» — «Farap» (14:00) we «Garagum» — «Demirýolçy» (16:00) duşuşyklary geçiriler.
Türkmenistanyň futbol çempionaty. Birinji liga. Lebap zolagy.
8-nji tapgyryň duşuşygy
«Farap» — «Köpetdag» — 1:5.
Gollar: Zakir Romanow 67 — Sergeý Ýegenberdiýew 52, 63, 88, Sultan Hamraýew 57,59.

Iň netijeli futbolçylar:
Azamat Açylow, «Derýaçy» — 8 pökgi;
Ýusup Nurmämmedow, «Derýaçy» — 8 pökgi.
Sergeý Ýegenberdiýew, «Köpetdag» — 8 pökgi.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: