7-nji we 8-nji sentýabr günlerinde Birinji liganyň Lebap sebitinde 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar garaşylan we garaşylmadyk netijelere baý boldy.
Ählisi Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň stadionynda geçirilen duşuşyklarda 7-nji sentýabr güni «Miras» «Türkmenabady» 5:1 hasabynda ýeňdi. Şol gün «Nesil» «Köpetdag-Lebapdan» 3:0 hasabynda üstün çykdy.
«Bagtyýarlyk» toparynyň dynç alan tapgyrynda 8-nji sentýabrda geçirilen «Amyderýa» ― «Demirýolçy» duşuşygy 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
1-nji tapgyrdan soň «Miras» we «Nesil» toparlarynyň her haýsy 3 utuk toplap, ýaryş tertibiniň başyny çekýärler. Üçünji we dördünji orunlary paýlaşýan «Demirýolçy» bilen «Amyderýada» 1 utuk bar. Ýaryşda «Köpetdag-Lebap», «Türkmenabat» we «Bagtyýarlyk» toparlarynyň heniz utugy ýok.
1-nji tapgyrdan soň «Türkmenabadyň» derwezesinden iki gol geçiren «Miras» toparynyň hüjümçisi iň netijeli futbolçylaryň başyny çekýär.
Sebitde 2-nji tapgyryň duşuşyklary 14-nji we 15-nji sentýabr günlerinde geçiriler. Tapgyryň birinji gününde «Türkmenabat» bilen «Köpetdag-Lebap», ikinji gününde bolsa «Bagtyýarlyk» bilen «Amyderýa», «Demirýolçy» bilen «Miras» güýç synanyşar. 2-nji tapgyrda «Nesil» topary dynç alar.