Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Birinji ligasynyň Lebap sebitinde ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Üç duşuşygynda 20 gol geçirilen tapgyrda «Miras» we «Türkmenabat» toparlary nobatdaky ýeňşini gazandylar.
Tapgyryň duşuşyklary iki günläp dowam etdi. 14-nji sentýabrda «Türkmenabat» «Köpetdag-Lebaby» 6:1 hasabynda ýeňdi. 15-nji sentýabrdaky duşuşyklarda bolsa «Miras» «Demirýolçyny» 6:3 hasabynda ýeňdi, «Bagtyýarlyk» bilen «Amyderýa» bolsa 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Tapgyrda «Nesil» topary dynç aldy.
Iki tapgyrdan soň «Miras» topary 6 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. «Nesil» bilen «Türkmenabadyň» 3, «Amyderýanyň» bolsa 2 utugy bar. «Bagtyýarlyk» bilen «Demirýolçy» ýaňy 1 utuk alyp bildiler. Iki duşuşygynda hem ýeňlen «Köpetdag-Lebapda» bolsa heniz utuk ýok.
Sebitde 3-ji tapgyryň duşuşyklary 19-njy sentýabrda geçiriler. Şol gün «Miras» bilen «Bagtyýarlyk», «Köpetdag-Lebap» bilen «Demirýolçy», «Nesil» bilen «Türkmenabat» güýç synanyşar. «Amyderýa» topary bolsa dynç alar.
